img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - STAMBUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, filippin tarapyna bolsa Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň syýasy meseleler boýunça sekretarynyň orunbasary Leo M. Errera-Lim ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem, halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Diplomatlar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda konstruktiw dialogy dowam etdirmäge we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamaga gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň geljegine, şeýle hem energetika, deňiz ulagy, syýahatçylyk we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Durmuş ulgamynda taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, akademiki gatnaşyklary we alyş-çalyşlary giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýändigi bellenildi.

Geňeşmeleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň arasynda özara hormat goýmak we iki tarapyň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.