Stambulda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli resmi agşamlyk nahary berildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan, 2018-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Stambul şäherinde ýerleşýän “Hilton” myhmanhanasynyň Şadyrwan zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 27 ýyllygy mynasybetli resmi agşamlyk nahary berildi. Resmi agşamlyk nahary Türkmenistan döwletimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşleri mahabatlandyrýan wideo-şekilli görnüşler bilen utgaşdyryldy. Dabaraly baýramçylyk çäresine Stambul welaýatynyň häkiminiň orunbasary İsmail Gültekin, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Baş konsullyklaryň we halkara guramalaryň wekilleri, ýerli edaralaryň hem-de dürli habar beriş serişdeleriniñ wekilleri, dürli jemgyýetçilik guramalaryň we ýokary okuw mekdepleriñ ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkiýe Respublikasynda ýaşaýan we okaýan ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Resmi kabul edişlik dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň kitaplarynyň we türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.
Çäräniň resmi böleginde çykyşlar boldy. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistan-Türkiýe gatnaşyklary, Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy ösdürmek ugrundaky alyp barýan içeri we daşary syýasaty hem-de ýurdumyzda syýasy we ykdysady ugurlarda ýetilen belent sepgitler barada beýan edildi.
Resmi agşamlyk naharynda dürli naz-nygmatlar hem-de türkmen halkymyzyň myhmansöýerliginiň ajaýyp nusgasy hökmünde, milli naharlarymyz hem myhmanlara hödür edildi. Baýramçylyk çäresi Türkmenistan döwletimiziň gazanýan üstünliklerini mahabatlandyrýan wideo-şekilli görnüşler bilen dowam etdi. Resmi baýramçylyk dabarasy örän joşgunly häsiýete eýe boldy. Dabara gatnaşyjylar resmi agşamlyk naharyna çagyrylandyklary üçin hoşallyklaryny bildirmek bilen, Türkmenistan döwletimize hem-de Türkmen halkyna asuda durmuş we mundan beýläk-de gülläp ösüşler arzuw etdiler.
Dabara gatnaşan ildeşlerimiz, Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin edýän bimöçber tagallalary, türkmen talyplarynyň daşary ýurtlarda okap, dünýä derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler hem-de Döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, belent başynyň elmydama aman bolmagyny arzuw etdiler.