Dünýä ülňülerine gabat gelýän Welotrek sport binasy ýaryşa taýýar

Dünýä ülňülerine gabat gelýän Welotrek sport binasy ýaryşa taýýar
Aşgabat şäheriniň kaşaň sport binalarynyň arasynda 6 000 orunluk Welotrek sport binasy aýratyn orny tutýar. Bu bina iň ýokary standartlara gabat gelýär. Binadaky 250 metrlik welotrek ýodasy üçin gerek bolan serişdeler Finlandiýadan getirildi. Gurluşygy 2014-nji ýylda tamamlanan bu binada geljekde-de dünýä derejesinde geçiriljek welosportuň trek görnüşi boýunça bäsleşikleri gurnamak meýilleşdirilýär.
Aşgabat 2017-niň welosport (trek) boýunça ýaryşynyň çäginde sprint we çydamlylyk görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler. Iki dissiplina boýunça şahsy hem-de toparlaýyn ýaryşlar bolar.
Jemi 18-23-nji sentýabr aralygynda geçiriljek ýaryşyň netijesinde 9 sany medallar toplumy gowşurylar, olaryň 5-si erkekleriň arasynda, 4-si bolsa zenanlaryň arasynda bolar.