RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Apr

TÜRKMENISTAN 2019-NJY ÝYLDA GDA-DA BAŞTUTANLYK EDÝÄR

2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk eder. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boý...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BEÝIK BRITANIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmen-Britan Söwda we senagat geňeşiniň (TUКTIC) nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Lordlar Palatasynyň agzasy Baronessa Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerindäki we sebit derejesindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygyna üns berdiler. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň aras...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE OMAN SOLTANLYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Ankara şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasim Mohamad Salim Al-Salhini bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Oman Soltanlygynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýý...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EYR-NYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammed Ahmadi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki doganlyk ýurduň Prezidentleri tarapyndan durmuşa geçirilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösüşi bellen...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlary boýunça ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Taraplar şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň önjeýli işini ara aly...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IŞ SAPARY

2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen gitdi. Türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika, senagat we mineral serişdeler ministri Halid bin Abdulaziz Al-Faleh bilen duşuşygy boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugurlarynyň biri ol hem energetika diplomatiýasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy...

DOWAMY
pic
23 Apr

Mugla Sytky Koçman uniwersitetinde ýokary bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk.

Mugla Sytky Koçman uniwersitetinde ýokary bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyñ Stambul şäherindäki Baş konsullugy tarapyndan 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde Mugla Sytky Koçman uniwersitetinde ýokary bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyñ dowamynda talyp ýaşlarymyzyñ  hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri ýerinde öwrenildi we olara okuwlaryny üstünlükli tamamlap geljekde Türkmenistan Watanymyza, Märiban Arkadagymyza wepaly...

DOWAMY