SOŇKY HABARLAR
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň...
Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi.
Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi. 2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullugy (Stambul ş.) tarapyndan Türkiýäniň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi. Geçirilen çärä Stambul uniwersiteti...
Süleýman Demirel Uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni mynasybetli dabaraly çare geçirildi
Süleýman Demirel Uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni mynasybetli dabaraly çare geçirildi Köp sanly Türkmen talyplarynyň bilim alýan Süleýman Demirel Uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 23 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni mynasybetli dabaraly çare geçirildi. Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesi...
TÜRKMENISTANLY TALYPLAR BILEN DUŞUŞYK
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan, 2018-nji ýylyň 28-nji we 30-njy Noýabrynda Stambul şäherinde ýerleşýän, Beýkent we Gelişim uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar we uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Köp sanly Türkmen talyplarynyň bilim alýan uniwersitetlerinde, Türkmen talyplarynyň hiç bir kynçylyksyz okuwlaryna dowam edýandiklerini we bu ýagdaýdan hoşaldyklaryny aýdan uniwersitetiň ýolbaşçylaryna öz minnetdar...
TÜRKMENISTANYŇ ULAG BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Awtomobil ulaglary ministri, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekreta...
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýerine ýetiriji komitetiniň – ýerine ýetiriji sekretarynyň Başlygynyň birinji orunbasary Wiktor Aleksandrowiç Guminskiýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň netijeliligine ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň GDA-nyň çäginde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdiler...
ÝTÖB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory j-p Nil Makkeýniň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlarynda ÝTÖB-niň wekilleriniň işjeň gatnaşýandyklary üçin türkmen tarapy öz minnetdarlygyny aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygynyň...