SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI NURSULTAN NAZARBAÝEW BILEN DUŞUŞDY
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ozal gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem häzirki döwrüň syýasy, ykdysady, ekologiýa, energetika, ulag we beýleki möhüm ugurlarda...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ DUŞUŞYGY BOLDY
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ýurt Baştutanlary ikitaraplaýyn ýola goýulan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamy, suw diplomatiýasy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hem...
PREZIDENTLER GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILEN ŞAWKAT MIRZIÝOÝEWIŇ ARASYNDA IKIÇÄK DUŞUŞYGY BOLDY
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli myhman «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Iki ýurduň Baştutanlary netijeli söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, ekologiýa we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ö...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDETI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BILEN GELDI
2018-nji ýylyň 23-24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistana döwlet sapar bilen geldi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklary boldy. Gepleşikleriň çäginde iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de halkara we sebit gün tert...
TÜRKMENISTANDA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILÝÄR
018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler. Bu ýokary derejedäki Sammit...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2018-nji ýylyň 23-nji awgustynda Aşgabat şäherine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow iki ýurduň arasyndaky syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SOÇI ŞÄHERINE IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň möhüm ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 2017-2019-njy ýyllar üçin niýetlenen degişli Hökümetara maksatnamasy ykdysady h...