SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan ynsanperwerlik goldawyny berýär
Türkmenistan halkara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, şeýle hem özüniň hemişelik oňyn bitaraplyk derejesi esasynda, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen ähli zerur çäreleri amala aşyrýar. Bu çemeleşmäniň aýdyň subutnamasy hökmünde soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbu...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary mälim edýär. Türkmen tarapy häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistan güýç ulanylmagyny ýa-da ony syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň...
KHBS üçin maglumat
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýär. Şu n...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy. Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglyl...
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi. Çäkli düzümde geçirilen gepleşikleriň başynda dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Prezident Serdar Berdimu...
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Pakistanda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti As...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär....