RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Ýan

Aşgabatda türkmen-fransuz syýasy maslahatlary geçirildi

2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Fransiýa tarapyna Fransiýanyň DIM-niň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiriniň orunbasary Silwen Gýoge ýolbaşçylyk etdi. Geçirilen duşuşyklaryň çäginde syýasy,...

DOWAMY
pic
3 Sen

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN BEÝANAT

Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.

DOWAMY
pic
11 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNDA YNANYŞMAGYŇ DIKELDILMEGI AÝRATYN DERWAÝYSLYGA EÝE BOLÝAR»

11-nji dekabrda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkymyzyň häzirki hakykatyna hem-de köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň berk kepilligi bolup hyzmat edýän, halkara ykdysady we syýasy prosesleriň oňyn ösüşine täsirini ýetirýän ähmiýetli şert bolup çykyş edýän türkmen Bi...

DOWAMY
pic
12 Sen

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda futbol bäsleşigi geçirildi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygynyň (Stambul ş.) guramagynda pandemiýa şertlerine laýyklykda Stambul şäherinde futbol ýaryşy geçirildi. Talyp ýaşlar öz arasynda toparlaryny düzüp, ýaryşa gatnaşmak üçin guramaçylyk komitetine ýüz tutdular. Jemi 24 topardan düzülen, ýygyndy toparlar ýaryşa gatnaşmaga kabul edildi. Ýaryşa gatnaşan toparlar bije esasynda sekiz topara bölünip her toparda üç toparça ýer aldy. Gurnalan futbol bäsleşigine, Türkiýe Respublikasynyň dürli künjeklerin...

DOWAMY
pic
24 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «HÄZIRKI ZAMAN DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DERWAÝYSLYGY» ATLY METBUGAT-KONFRENSIÝASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde göni we sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly Metbugat-konfrensiýasy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyldy.   Metbugat-konfrensiýasyna milli gazet-žurnallaryň redaktorla...

DOWAMY
pic
23 Mar

ТÜRKMENISTAN – IRENA: IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYŇ ALNYP BARYLMAGYNA YGRARLYDYRLAR

2021-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ähmiýetili mümkinçiliklere eýe bolan özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, türkmen tarapy Agentlik tarapyndan halkara, sebit derejelerinde geçirilýän çärelere, şol sanda IRENA-nyň Assambleýalaryna yzygiderli...

DOWAMY
pic
20 Mar

TÜRKMENISTAN GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY HORMATLAÝAR WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA YMTYLÝAR

2021-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimde geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň degişli Re...

DOWAMY